güňleç

güňleç
Ýognas çykýan ses, açyk çykmaýan ses.
∙ Tokaý tarapyndan gelen güňleç ses göz açyp-ýumasy salym kesildi. (A. Gowşudow, Eserler)
∙ Suwuň güňleç sesi eşidilýärdi. («Kolhoz Günleri»)
∙ Tüpeňiň güňleç sesi obanyň içine ýaýrap gitdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Çelegiň içinden çykýan ýaly güňleç güwwüldi eşidildi. (N. Jumaýew, Syrly Gala)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, ç sesi j sesine öwrülýär.
Meselem güňleç - güňleji.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем написать реферат

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»